05 Maý 25

“Ak şäherim Aşgabat” sergisi: paýtagtyň binagärlik, ulag we tehnologiýa ösüşi

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Ol Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi. Degişli maslahat bilen ugurdaş geçirilýän sergi şähergurluşyk, binagärlik, ulag we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda innowasion çözgütler hem-de tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Oňa gatnaşyjylar özleriniň taslamalaryny görkezip, Aşgabat şäherini durnukly ösdürmegiň we şäher ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini gowulandyrmagyň geljegini maslahatlaşyp bilerler. 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek maslahat bolsa şäher infrastrukturasy ulgamynda tejribe alyşmak we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hünärmenlerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemlär. Geçiriljek çäreler işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýumlary çekmek we türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýär. Goşmaça maglumat almak we maslahata gatnaşmaga hasaba alynmak üçin serginiň resmi web-saýtyna aralaşyň.