
06 Maý 25
“Ýylan” käninde gije-gündizde kuwwatlylygy 740 müň kubmetrlik guýy açyldy
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary mary welaýatynda ýerleşýän Ýylan känindäki №03 belgili ulanyş-baha beriş guýusynda tebigy gazyň senagat ähmiýetli uly akymyny alyp, buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Ulanyş-baha beriş guýusynda tebigy gazy gazyp almaklygyň bir gije-gündizdäki möçberi 740 müň kubmetre deňdir diýip, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi. Guýynyň çuňlugy 2875 metre deň bolup, burawlamagyň netijesinde 2847 we 2844 metr aralygyndaky önüm gatlagynda gazyň kuwwatly akymyny almak başartdy. Döwlet tarapyndan goldanylýan buraw işgärleriniň alyp baran ýeňil bolmadyk işi ýokary aýratynlyklara eýe bolan, kükürt garyndysyz gaz almaga mümkinçilik berdi. Hünärmenler tebigy gazyň arassa düzüminiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegi onuň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygyna ynam döredýär. Mundan öň, “Galkynyş” käninde bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz bermäge ukyply ýokary öndürijilikli guýy ulanylmaga berildi.

