10 Maý 25

TESC 2025: Aşgabat innowasiýalaryň we durnukly energetika ösüşiniň merkezine öwrülýär

2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilişine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa jähtlerine bagyşlanan “TESC 2025” halkara maslahaty geçiriler. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Energiýa Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Foruma 30 töweregi ýurtdan 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň utgaşykly görnüşde geçirilmegi oňa şahsy we sanly ulgam arkaly gatnaşmak mümkinçiliklerini döredýär. Energetika pudagynda ýüzbe-ýüz bolunýan ekologiýa we tehnologiýa wehimler, olary çözmegiň ýollary maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzer. Forumyň esasy meseleleriniň hataryna uglewodorodlaryň gazylyp alnyşyna emeli aň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň usullary hem-de pudagyň üstünlikli ösdürilmegi üçin adam maýasyny ösdürmek ugurlary hem giriziler. “TESC 2025” halkara maslahaty öňdebaryjy bilimleri alyşmak we energetika hem-de ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüler.