12 Maý 25

Türkmenistanyň banky we BAE ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Birleşen Arap Emirlikleri ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi. Maslahatlaşmalar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdirliginiň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň we BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Hameli bilen duşuşygynyň dowamynda geçirildi. Döwlet daşary ykdysady iş banky ileri tutulýan maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmek üçin kiçi we orta möhletli daşary ýurt karzalaryny çekmek bilen halkara maliýe bazarlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän döwlet edarasy bolup durýar. Bank şeýle hem Yslam ösüş bankynyň dolandyryş edarasynda ýurdumyza wekilçilik edýär. Beýik Britaniýanyň “Financial Times” neşiriniň “The Banker” žurnaly 15-nji gezek Döwlet daşary ykdysady iş bankyny “Türkmenistanyň iň gowy banky” diýip yglan etdi.