
14 Maý 25
Eýran we Türkmenistan söwda dolanyşygyny 30% artdyrmakçy
Eýran we Türkmenistan özara söwdanyň möçberini 30 göterim artdyrmagy maksat edinýärler. Bu barada hususy pudagyň goldanylmagynda Eýranda ilkinji gezek guralan Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň sergisinde mälim edildi diýip, “Tehran Times” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi. Bilelikdäki eýran-türkmen palatasynyň başlygy Ramazan Bahrami hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan bilermenler geňeşmeleriniň we özara gepleşikleriň işinde iki ýurduň hususy kärhanalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, nebithimiýa, nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri, azyk senagaty, dokma we logistika ýaly ulgamlarda deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Ähli işler tamamlanandan soň, bu ylalaşyklar söwda gatnaşyklarynyň ösüşine itergi bermelidir. R.Bahraminiň bellemegine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi geçen ýyl 600 million dollara golaýlady. Serginiň beren täze itergileri we häzirki işewürlik gepleşikleri netijesinde taraplar bu görkeziji 30 göterim ýokarlanar diýip çaklaýarlar. Söwda palatasynyň başlygynyň bellemegine görä, ýakyn aýlarda ösüşiň belli bir böleginiň netijelerini görmek bolar. Galan bölegini bolsa geljek ýylyň eksport statistika maglumatlarynda has aýdyň görner. 2025-nji ýylyň 5 – 7-nji maýynda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Oňa 50-den gowrak türkmen kärhanasy gatnaşdy.

