Çykyş ediji barada

  1. Esasy sahypa
  2. Çykyş edýänler
  3. Çykyş ediji barada

Magtymguly Akmyradow

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara guramalar bölüminiň geňeşçisi

  • 1984-nji ýylda “inžener-geolog” hünäri boýunça Türkmen politehniki institutyny tamamlap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň uly laboranty wezipesinde öz zähmet ýoluna başlady. 1966-njy ýyla çenli şol ýerde aspirant, kiçi, soňra bolsa uly ylmy ýolbaşçy wezipelerinde işlän. Soňra Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölüm başlygy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça daşky gurşawy goramak boýunça milli maksatnamasynyň ýolbaşçysy wezipelerinde işlän. Soňra Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň maglumat we halkara gatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren, soňra bolsa şol müdirligiň ýolbaşçysy bolan. 2001-2005-nji ýyllar aralagynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministriniň orunbasary, 2005-2009-njy ýyllar aralgynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri wezipelerini eýelän. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine işe geçirildi. 2010-2016-njy ýyllar aralygynda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarlandyrylan ilçisi bolan. Magtymguly Akmyradow Türkmenistanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Milli maksatnamasyny (1999 ý.), Hazar Ekologiki Maksatnamasyny (2003 ý.), BMG-niň Ýörite Maksatnamasynyň Aral boýunça konsepsiýasyny (2018 ý.), Aral deňziniň howdanynyň Maksatnamasy-4 (2020 ý.), Täze Hazar Ekologiki Maksatnamasynyň konsepsiýasyny (2020 ý.), Aral Milli maksatnamasyny (2021 ý.) düzmekde işjeň gatnaşan. Geologiýa-mineral ylymlaryň kandidaty.